Ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär

Ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär

Ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär
Ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär 5 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça zerur çäreler görülýär. Häzirki wagtda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli we çöl ösümlikleriniň nahallaryny ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada 28-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hasabat berdi.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm