Ýaponiýadan soň ýene bir ýygyndy Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy

Ýaponiýadan soň ýene bir ýygyndy Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy

Ýaponiýadan soň ýene bir ýygyndy Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy
Ýaponiýadan soň ýene bir ýygyndy Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy 2 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Ilkinji gezek 48 ýygyndynyň gatnaşmagynda geçiriljek FIFA Dünýä Kubogy 2026-a saýlama tapgyryndan ýene bir ýygyndy wekilçilik etmäge hukuk gazandy. Okeaniýa zolagyndan Täze Zelandiýanyň ýygyndysy Ýaponiýadan soň Dünýä Kubogyna gatnaşjak 2-nji ýygyndy boldy. Okeaniýa zolagynyň saýlama tapgyrynyň finalynda Täze Zelandiýanyň ýygyndysy Täze Kaledoniýany Boksallyň (61), Barbarosesiň (66) hem-de Jastyň (80) gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňdi. Täze Zelandiýa ýarym finalda Fijini 7-0, Täze Kaledoniýa bolsa Taitini 3-0 hasaplar bilen utupdy.

    Şunlukda, Täze Zelandiýanyň ýygyndysy 1982-nji we 2010-njy ýyllardan soň taryhynda 3-nji Dünýä Kubogyna gatnaşar. Täze Zelandiýadan öň Ýaponiýanyň ýygyndysy geljek ýylyň tomsunda ABŞ-dam Meksika hem-de Kanadada geçiriljek 23-nji FIFA Dünýä Kubogynda çykyş etmäge ygtyýar alypdy.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm