Ýaňy wezipä bellenipdi, 9 aý futbolda çetleşdirildi

Ýaňy wezipä bellenipdi, 9 aý futbolda çetleşdirildi

Ýaňy wezipä bellenipdi, 9 aý futbolda çetleşdirildi
Ýaňy wezipä bellenipdi, 9 aý futbolda çetleşdirildi 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Fransiýanyň çempionatynda geçen 24-nji tapgyrda “Lion” öz meýdançasynda “Brest” toparyny Lakazettiň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. Ýöne duşuşygyň ahyrynda “Lionyň” golaýda bellenen portugaliýaly tälimçisi Paulo Fonseka emine öz nägileligini bildirdi. Gahar-gazaba münen tälimçi kellesi bilen emine çalarak degen Fonseka gyzyl kart aldy. Şondan soň, Fransiýanyň futbol federasiýasy 5-nji martda 52 ýaşyny dolduran tälimçä agyr jerime saldy. Fonsekanyň ötünç soramagy-da peýda etmedi we emine fiziki gysyş görkezildi diýlip, 9 aýlap futboldan çetleşdirildi. Ýagny Fonseka 9 aýlap futbolyň daşyna galar. Möwsüme “Milanyň” tälimçiligi bilen başlan Fonseka dekabr aýynyň ahyrlarynda bu wezipesinden boşadylypdy. Ýanwar aýynyň iň soňky gününde bolsa “Liona” tälimçi bellenen Fonsekanyň fransuz klubundaky ykbaly-da häzirlikçe näbelli. Onuň 30-njy noýabra çenli kluba kömegi degmez.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm