Wýetnamda elektron çilimler gadagan edildi
Wýetnamda elektron çilimler gadagan edildi

Wýetnamda şu ýylyň başynda güýje girizilen gadagançylygyň çäklerinde elektron çilimleriň, olaryň suwuklyklarynyň satuwy we ulanylyşy gadagan etdi. Bu gadagançylyk ýurda barýan syýahatçylara hem degişli. Mundan ozal Awstraliýa, Türkiýe, Singapur, Meksika, Hindistan, Braziliýa, Maldiw adalary we Taýland ýaly ýurtlarda hem daşary ýurtlularyň ýany bilen elektron çilim getirmekleri gadagan edilipdi. Bu çäklendirmeler adam saglygyna öwezini dolup bolmajak zeper ýetirýänligi sebäpli girizildi.
Mundan beýläk elektron çilim ulananlar 2 million dong (78,5 dolar) jerime tölärler. Şeýle çilimler we olaryň alternatiwalary üçin material import eden, söwdasyny eden, gatnadan ýa-da öndüren adamlara mukdaryna görä has köp jerime salnar. Awstraliýada bolsa, geçen ýylyň mart aýynda elektron çilimleriň ähli görnüşiniň importy gadagan edildi.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm