Wena filarmoniýa orkestriniň ilkinji konserti
Wena filarmoniýa orkestriniň ilkinji konserti

1842-nji ýylyň 28-nji martynda Otto Nikolainiň dirižýorlyk etmeginde Wena filarmoniýa orkestriniň ilkinji konserti geçirilýär. Şondan soňky 5 ýylyň dowamynda Nikolainiň ýolbaşçylyk etmeginde jemi 11 konsert berilýär. Kýonigsbergde (häzirki Kaliningrad) dünýä inen Nikolai 1847-nji ýylda Wenadan gidenden soňra Orkestriň işi birnäçe ýyl togtaýar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm