Üns beriň, bäsleşik!
Üns beriň, bäsleşik!

Ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Ylymlar güni mynasybetli «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan döredijilik bilen meşgullanýan orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Talyp ylhamy» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary milli ruhly, döwrebap eserleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
- bäsleşik talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilýär.
- bäsleşik gysga hekaýa (erkin temada) ýazmak boýunça geçirilýär.
- bäsleşige hödürlenýän hekaýalar gysga bolmaly we Word formatynda ugradylmaly.
- bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «Talyp ylhamy» döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen, özleri baradaky maglumatlary (adyny, familiýasyny, okaýan okuw mekdebini, näçenji ýyl talypdygyny we telefon belgisini) ýazyp, «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň elektron poçtasyna ibermeli;
- bäsleşige hödürlenen eserler 1-nji aprelden 31-nji maý aralygynda kabul ediler we eserleriň iň gowulary eminler topary tarapyndan kesgitlener.
Bäsleşigi jemlemegiň tertibi:
- bäsleşik Ylymlar gününe bagyşlanyp jemlener.
bäsleşikde 1 sany baş baýrak; - 1 sany 1-nji orun;
2 sany 2-nji orun;
3 sany 3-nji orun; - şeýle hem höweslendiriji baýraklar bellenilen.
bäsleşigiň guraýjylary tarapyndan ýeňijilere Hormat hatlary we dürli sowgatlar gowşurylar.
Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, 1908 (Gündogar köçesi), 10-A jaýy.
E-mail salgysy: zamanturkmenistan@sanly.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
«Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy: 28-14-05, 28-14-36.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99, 44-88-81.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm