Uly ýaşda okamak beýnini işjeňleşdirýär
Uly ýaşda okamak beýnini işjeňleşdirýär

Ýaşyň ulaldygyça atlary ýatda saklamak, sözleri ýerbe-ýer aýtmak, ünsüňi jemlemek ýaly ýagdaýlar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolunýar. Bilermenler uly ýaşly adamlarda şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin okamak endigini ýola goýmalydygyny maslahat berýärler. Okamak ýatkeşlik, maglumat toplumy üçin peýdaly bolup, garran çagyň huşsuzlygyň öňüni almaga ýardam edýär. Okamak adamyň aň-düşünjesini, duýgularyny ösdürmek bilen bir hatarda ýatlamalar döretmäge we täze pikirleri paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Bilermenler 65 ýaşdan uly adamlarda okamagyň peýdasy barada şeýle belleýärler:
Aň-düşünjäniň peselmeginiň öňüni alýar. Geçirilen barlaglarda 65 ýaşdan uly adamlaryň 10-20 göteriminiň aň-düşünje taýdan gowşakdygy ýüze çykaryldy. Okamak endigini ýola goýmak arkaly neýron baglanyşygyny gaýtadan dikeldip, aňyň işjeňligini güýçlendirip bolýar. Esasan hem, çeper eserleri ýa-da gyzykly wakalara baý kitaplary okamak aň-düşünjäniň peselmeginiň öňüni almaga ýardam edýär.
Stresiň öňüni alýar. Kitap okamak medeniýetli dynç almaga we stresden dynmaga kömek edýär. Hepdäniň dynç alyş günleri arassa howa ýa-da seýilgähe çykyp, dynç almak bilen bir hatarda, kitapdyr gazet-žurnal hem okamaly. Bu hepdäniň dowamynda toplanan dartgynly ýagdaýlardan dynmaga ýardam edýär.
Baglanyşygy ösdürýär. Barlaglara görä, 65 ýaşdan uly adamlaryň köpüsi özlerini «ýalňyz» duýýarlar. Okamak sosial baglanyşygy güýçlendirip, özara gatnaşyklary ösdürýär.
Kadaly uky. Uly ýaşly adamlarda duş gelýän ukusyzlyk, uky bozulmalary ýaly ýagdaýlary kitap okamak arkaly dolandyryp bolýar. Ýatmazdan öň birki sahypa bolsa hem kitap okamak kadaly uklamaga ýardam edýär.
Sagdyn pikirleri ösdürýär. Okamak duýgulary dolandyrmaga we akyl-paýhas taýdan sagdyn pikirlenmäge uly täsir edýär. Okamak eserdäki gahrymanlara duýgy taýdan baha bermäge, olaryň keşbini akyl-paýhas taýdan kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Kitap okalanda ähli wakalar we gahrymanlaryň özüni alyp barşy doly gözegçilikde ünsli saklanýar. Netijede, eserdäki wakalar hakynda pikirlenmek we netije çykarmak duýgulary ösdürip, beýnini işjeňleşdirýär.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm