Uluru – Awstraliýanyň özboluşly gaýasy
Uluru – Awstraliýanyň özboluşly gaýasy

Awstraliýanyň meşhur ýerleriniň biri bolan Uluru gaýasy özboluşly görnüşi bilen görenleri haýran galdyrýar. Sähralyga taşlanan daşa meňzeýän bu gaýa günüň dowamynda birnäçe gezek daş görnüşini üýtgedip, dürli reňkde öwşün atýar. Çäge we dürli mineral daşlardan emele gelen bu depe Uluru şäherindäki Uluru – Kata-Týuta milli seýilgähinde ýerleşýär. 1873-nji ýylda üstünden barlan bu gaýa başgaça «Aýers Rok» hem diýilýär.
346 metr beýiklikdäki bu depäniň tutýan meýdany 3,33 inedördül kilometr bolup, giňligi 9,4 kilometre ýetýär. Bu depä başgaça monolit gaýa hem diýilýär.
Uluruda ýaşaýan gadymy taýpalaryň biri bolan aborigen halky üçin mukaddes ýerleriň biri hasaplanýan bu depede däp-dessurlar, milli dabaralar geçirilýär. 1994-nji ýylda Uluru – Kata-Týuta milli seýilgähi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Olga dagy ýa-da Olgas diýlip atlandyrylýan Uluru gaýasy milli seýilgähiň 25 kilometr günbatarynda ýerleşýär. Iň gadymy ýerleriň – ýadygärlikleriň biri hasaplanýan Uluru depesiniň emele gelşi barada dürlüçe pikirler bar. Käbir adamlar bu depäni hyýaly güýçler bilen baglanyşdyrýan bolsalar, köpler bu gaýanyň tebigy ýagdaýda emele gelendigine ynanýarlar. Bilermenler Uluru gaýasynda 4 million tonna çäge we mineral daşlaryň bardygyny çaklaýarlar. Aborigen däp-dessurlaryna görä, bu depä diňe erkek adamlaryň çykmagyna rugsat berilýär. Emma 1964-nji ýyldan 2019-njy ýyllar aralygynda Uluru gaýasyna jahankeşdeleriň uly toplumy, zenanlar hem çykdylar. Uluru depesine çykmak 2019-njy
ýyldan başlap bütinleý çäklendirildi.
Çöldäki ýaly aşa yssy howasy bolan bu ýere her ýyl müňlerçe syýahatçy barýar. Awstraliýanyň iň uly gaýasy bolan Uluru depesine awtoulagly baryp bolýar. Syýahatçylar açyk meýdanda çadyr dikip, gaýanyň üýtgäp durýan täsin görnüşini ýakyndan synlaýarlar. Uluru gaýasy Gün şöhlesiniň düşüşine baglylykda, irden, günortan, öýlän we agşamara sary, gyzgylt, gülgün, mämişi we narynç reňklerde şöhle saçýar. Bilermenler munuň sebäbini gaýanyň düzümindäki köp sanly minerallar bilen baglanyşdyrýarlar. Gaýany ýakyndan synlamak üçin Awstraliýa gitmegiň iň amatly wagty maý we sentýabr aýlary hasaplanýar. Bu ýerde syýahatçylar üçin Gün ýaşyp barýarka düýeli we welosipedli gezelençler guralýar.
Uluru gaýasynyň töwereginde süýdemdirijileriň 21 görnüşi ýaşaýar. Bu ýerde gyzyl kenguru bilen bir hatarda, ýyrtyjy guşlara, ýylanyň uly görnüşlerine, alakalara, çöl maýmynyna, hažžygyň dürli görnüşlerine, ýabany pişik, tilki ýaly ýyrtyjylara duş gelmek bolýar. Ösümlik dünýäsi babatda bu ýerde 34 görnüşli özboluşly ösümlikler hasaba alyndy. Olardan mulga agajyny, gyrymsy agaçlaryň seýrek duş gelýän görnüşlerini, gülleri we tikenli haşal otlary mysal getirmek bolar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm