UEFA Ýewropa hem-de Konferensiýa Ligalarynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

UEFA Ýewropa hem-de Konferensiýa Ligalarynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

UEFA Ýewropa hem-de Konferensiýa Ligalarynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi
UEFA Ýewropa hem-de Konferensiýa Ligalarynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi 1 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    UEFA Ýewropa Ligasynda 1/8 finalyň bijeleri çekildi. Çekilen bijä görä, çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden “Mançester Ýunaýted” ispan kluby “Real Sosiedad” bilen bije çekişdi. “Aýaks” bilen “Aýntraht” çärýek finala çykmak üçin özara göreşerler. “Roma” bilen “Atletik Bilbao”, “Wiktoriýa Plzen” bilenem “Lasio” 1/8 finalda duşuşarlar. Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparynyň bijesine-de Şotlandiýanyň “Reýnjers” kluby düşdi.  1/8 finalyň 1-nji oýunlary 6-njy martda, jogap duşuşyklary bolsa 13-nji martda geçiriler.

     

    Bude-Glimt – Olimpiakos

    Fenerbahçe – Reýnjers

    Aýaks – Aýntraht

    FKSB – Lion

    AZ Alkmaar – Tottenham

    Real Sosiedad – Mançester Ýunaýted

    Wiktoriýa Plzen – Lasio

    Roma – Atletik Bilbao

     

    UEFA Konferensiýa Ligasynda-da 1/8 finalyň bijeleri çekildi. Ýaryşyň birinji derejeli faworiti “Çelsi” Daniýanyň “Kopengagen” kluby bilen duşuşar. “Betis” topary-da “Witoriýa de Gimaraýnş” topary bilen bije çekişdi. Ilkinji 2 ýaryşyň finalçysy “Fiorentina” toparynyň bijesine-de Gresiýanyň “Panatinaikos” topary düşdi. Duşuşyklar 6-njy we 13-nji martda oýnalar.

     

    Betis – Witoriýa de Gimaraýnş

    Ýagelloniýa Belostok – Serkl Brýugge

    Selýe – Lugano

    Panatinaikos – Fiorentina

    Kopengagen – Çelsi

    Molde – Legiýa Warşawa

    Pafos – Ýurgorden

    Boras Banýa Luka – Rapid Wena

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm