UEFA Milletler Ligasynda ýarym finala çykanlar belli boldy
UEFA Milletler Ligasynda ýarym finala çykanlar belli boldy

UEFA Milletler Ligasynda ýarym finala çykanlar, şol sanda pleý-off duşuşyklaryndan soň haýsy toparlaryň haýsy ligada çykyş etjekdigi belli boldy.
Çärýek final duşuşyklary, esasanam, jogap oýunlaryny diýseň çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Öz meýdançasynda Germaniýadan 2-1 (Klýaýndinst 49, Goreska 76 – Tonali 9) hasabynda asgyn gelen Italiýa jogap duşuşygynda soňky minutlarda ýeňlişden halas bolsa, bu olara ýeterlik bolmady. 1-nji ýarymyň soňky 15 minutynda nemesler Kimmihdir (30 p) Musialanyň (36) hem-de Klýaýndinstiň (45) gollary bilen 3-0 hasabynda öňe geçdi. Italýanlar 2-nji ýarymda 3 gol geçirse-de, ýarym finala çykmak başartmady. Moýza Keniň 49-njy we 69-njy minutlardaky gollary hem-de Raspadoriniň 90+5-nji minutdaky penalti urgusy italýanlaryň ýeňşine ýetmedi.
Splitde Budimir hem-de Perişiçiň gollary esasynda Fransiýany 2-0 hasabynda ýeňen Horwatiýa jogap duşuşygynda esasy wagtda şol hasap bilen asgyn geldi. Fransiýanyň ýygyndysynda 2 oýnuň netijesini deňlän gollary Olise bilen Dembele geçirdi. Oýundan soňky penalti urgularynda bolsa taraplar 7 urgy ýerine ýetirip, Fransiýa 5-4 hasabynda üstün çykdy.

1-nji oýunda Daniýanyň ýygyndysy Portugaliýany Rasmus Hýoýlunnyň 78-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi. Jogap duşuşygy has çekeleşikli geçip, Portugaliýanyň ýygyndysy goşmaça wagtda 5-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Esasy wagty 3-2 hasabynda tamamlanan oýunda Portugaliýanyň gollaryny Andersen (38, ö.d.), Ronaldo (72), Trinkao (86, 91) hem-de Ramuş (115), myhmanlaryň gollaryny bolsa Kristensen (56) bilen Eriksen (76) geçirdi. Oýnuň başlarynda super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň ýerine ýetiren penaltisini derwezeçi Şmeýhel saklady. Bu onuň 205-nji penaltide takyk bolmadyk 32-nji urgusy boldy.
Rotterdamda soňky minutlarda ýeňlişden halas bolan Ispaniýanyň ýygyndysy Niderlandlary penaltileriň netijesinde ýaryşdan çykardy. 1-nji duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanyp, ýer eýelerinden Gakpo (28) bilen Reýnders (46), ispanlardan Niko Williams (9) bilen Merino (90+3) tapawutlandy. Walensiýada oýnalan jogap duşuşygynyň hem esasy wagtynda 1-nji oýnuň hasaby gaýtalandy. Niderlandlar ýer eýelerinden Oýarzabalyň gollaryna (8 p, 67), Depaý (54 p) hem-de Maatseniň (79) gollary bilen jogap berdi. Goşmaça wagtda, has takygy, 103-nji minutda Ýamal ispanlary öňe saýlasa-da, Simons 109-njy minutda penaltini dürs urup, hasaby deňledi. Oýundan soňky penaltilerde bolsa ispanlar 5-4 hasabynda öňe saýlandy we ýarym finala çykmagy başardy.
Ýarym finalyň duşuşyklary şu ýylyň tomsunda, iýun aýynda Germaniýanyň Münhen hem-de Ştutgart şäherlerinde geçiriler. Ýarym finalda 4-nji iýunda Germaniýa bilen Portugaliýa, 5-nji iýunda-da Ispaniýa bilen Fransiýa duşuşar. Ýeňiş gazananlar 8-nji iýunda Münhendäki Allianz Arenada finalda özara güýç synanyşarlar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm