Türküstan aýratyn derejä eýe boldy
Türküstan aýratyn derejä eýe boldy

Gazagystanyň iň gadymy şäherlerinden biri bolan Türküstan resmi taýdan ýörite derejä eýe boldy. Bu karar sebitiň ösüşini çaltlandyrmaga, türki dünýäsiniň ruhy we medeni merkezi hökmünde ähmiýetini berkitmäge, maýa goýumlaryny çekmäge we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. “Ýörite dereje” ýerli häkimiýetlere goşmaça ygtyýarlyklary, ykdysady ýeňillikleri we şäher infrastrukturasyny çaltlandyrmagy üpjün edýär. Hususan-da, işewürler üçin salgyt ýeňillikli ýörite ykdysady zolak dörediler, maýadarlar üçin administratiw amallar ýönekeýleşdiriler we salgyt girdejileriniň bir bölegi mundan beýläk-de ösüş üçin şäheriň ygtyýarynda galar. Şeýle-de täze ýollaryň gurulmagy, ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, elektrik geçiriji ulgamlary abatlamak we gazlaşdyrmak ýaly giň gerimli özgerişlere garaşylýar.
Häzirki wagtda şäherde syýahatçylyk we medeniýet işjeň ösdürilip, Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähi bilen bilen birlikde beýleki taryhy ýadygärlikler abatlanýar, täze syýahatçylyk ugurlar döredilýär, halkara festiwallar we medeni çäreler meýilleşdirilýär. Hoja Ahmed Yasawynyň aramgähiniň özboluşlylygyny saklamak üçin, belentligi 7 metrden ýokary bolan desgalaryň gurulmagyna we aramgähiň howpsuzlyk zolagynyň serhedinden ýüz metr aralykda taryhy we medeni ýadygärliklere laýyk gelmeýän desgalaryň gurulmagyna gadaganlyk giriziler.
“Uzak möhletde şäher halkara sahnasyndaky ornuny güýçlendirip, güýçli ykdysady, medeni we syýahatçylyk merkezine öwrülip biler. Şeýle-de bolsa, başlangyjyň üstünligi esasan netijeli dolandyryşa, ätiýaçlyklardan peýdalanmagyň aç-açanlygyna we ähli gyzyklanýan taraplaryň işjeň gatnaşmagyna bagly bolar” diýlip habarda bellenilýär.
Golaýda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “Türküstan şäheriniň aýratyn derejesi barada” kanuna gol çekdi. Kanun, bu şäheriň Gazagystanyň ruhy, taryhy, medeni we syýahatçylyk merkezi hökmünde aýratyn derejesini kepillendirýär. Resminama, Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähini we beýleki ýadygärlikleri goramagy, arheologik we abatlaýyş işlerini ýola goýmagy, milli senetleri dikeltmegi we arheologik goraghanany döretmegi öz içine alýan taryhy we medeni mirasy gorap saklamagy göz öňünde tutýar. Şäheriň taryhy özboluşlylygyny gorap saklamak, ýilen birlikde syýahatçylygy ösdürmek, şäher gurşawyny abadanlaşdyrmak, durmuşyň hilini ýokarlandyrmak we başga-da birnäçe çäreler amala aşyrylar.
2023-nji ýylda Gazagystanyň hökümeti Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähiniň ýagdaýyny öwrenmek üçin 300 million tengeden gowrak pul bölüp berdi. Aramgäh 40 metr beýiklikdäki 35 otagly binadyr. Şunuň bilen baglylykda, uly göwrümli binanyň tehniki ýagdaýyny abat saklamak üçin her ýyl ýurduň býujetinden maliýe serişdeleri bölünip berilýär.
Hoja Ahmed Ýasawy (1103-1166) Merkezi Aziýanyň meşhur filosofy, şahyry. Ol eserlerini garahanlylar-uýgur dilinde ýazypdyr. Ol türkmen diline hem terjime edilen “Hikmetler” goşgular ýygyndysy bilen giňden tanalýar. Ol sufizm mekdebini esaslandyryp, köp sanly şägirtleri ýetişdirip, yslamyň Merkezi Aziýada ýaýramagynda möhüm rol oýnapdyr. Hoja Ahmed Ýasawy aradan çykandan 233 ýyl soň, Teýmirleňiň buýrugy bilen Ýassy şäherinde (Türküstan) Ahmed Ýasawynyň aramgähi gurlup, sebitdäki musulmanlaryň zyýarat edýän ýerine öwrülipdir.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm