Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi 4 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    14-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
    Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, iň ýokary döwlet derejesinde saparlary taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns berildi.
    Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki özara gatnaşyklaryna garadylar.
    Mundan başga-da, ministrler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek barada pikir alyşdylar.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm