Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Ak partiýasynyň Başlygynyň Orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Ak partiýasynyň Başlygynyň Orunbasary bilen duşuşdy 4 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    10-njy martda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Ak partiýasynyň Başlygynyň Orunbasary Kürşad Zorlu bilen duşuşdy.
    Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlyndaky ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy türkmen-türk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn esasda ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.
    Bulardan başga-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bilälikdäki çäreleri guramak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de söhbetdeşler Türkiýe Respublikasynyň Ak partiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanda geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin saparyny guramagy barada pikir alyşdylar.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm