Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiniň çäklerinde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy.
Hanym Odil Reno-Basso Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu ugurda energetika, ulag we sanly ykdysadyýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy görkezmek bolar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm