Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar 5 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    28-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
    «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde 27-nji martda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýanat kabul edildi. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak» atly utgaşykly maslahat geçirildi. Mundan başga-da, duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda Samarkantda geçiriljek sammite taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, “ýaşyl” ykdysadyýet, ulag, sanlylaşdyrmak ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle-de sammitiň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýändigini, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan gatnaşyklara hem aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmegi dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasyna boljak iş saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm