Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammitinde çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammitinde çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammitinde çykyş etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammitinde çykyş etdi 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Özbegistanyň Samarkant şäherinde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammiti we klimat forumy geçirilýär. Şu gün bu gadymy şäherde ýerleşýän Kongres merkezinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň ilkinji taryhy duşuşygy geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşyp, sammitiň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlar boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny mälim etdi.
    Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda bu duşuşygyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, sebäbi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejedäki şeýle duşuşykda ilkinji gezek gepleşikleri geçirýändigini belledi. Munuň özi gatnaşyjylaryň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, ýakynlaşmaga we gatnaşyklaryň berk usullaryny döretmegiň zerurdygyna düşünýändigine şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki işiň möhüm ugurlaryna ünsi çekip, şunda ýurdumyzyň sebit parahatçylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny saklamaga aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy. Türkmenistan garaýyşlaryň umumylygyndan ugur alyp, Merkezi Aziýany parahatçylykly, ykdysady taýdan özüne çekiji, geosyýasy dawalara, gapma-garşylyklara goşulmaýan durnukly sebit hökmünde görýär. Halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşeleriň ýaýradylmagyna, serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmek meselelerine hem üns bermek maksadalaýykdyr. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz bu adaty meselelerden başga-da, täze howplar bolan maglumat we kiberjenaýatçylyga, biologik wehimlere garşy göreşmekde bilelikde täsirli çäreleri görmegi teklip etdi. Owganystan babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurdygy hem nygtaldy.
    Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, energetika, ulag, söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri bar. Şoňa görä, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň bu düzüm bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýandygyny, bu ugurda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle-de biziň ýurdumyz ýewropaly hyzmatdaşlary gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny hem-de ýagdaýyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýar. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, Gün, ýel we wodorod energetikasy ýaly «ýaşyl» energiýa çeşmelerini ulanmak barada barýar. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ulag-kommunikasiýa, söwda, maýa goýum pudaklarynda-da köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýdyp, Ýewropa Bileleşigine Ýewropa kompaniýalarynyň türkmen bazarynda iş alyp barmagyny höweslendirmek üçin harytlary iberijileri we alyjylary goldamagyň maksatnamasyny taýýarlamagyň mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem özara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, hyzmatdaşlyk ýyllarynda dürli bilim maksatnamalary üstünlikli amala aşyryldy. Türkmenistan bu tejribäni dowam etdirip, ýokary tehnologiýaly kärhanalarda işleýän ýokary hünärli tehniki işgärleri taýýarlamak, taryh, arheologiýa, etnografiýa, medeni-taryhy mirasyň ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmek başlangyjyny öňe sürdi.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm