Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň ähli halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm