Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Brýusselde iş saparynda boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Brýusselde iş saparynda boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Brýusselde iş saparynda boldy
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Brýusselde iş saparynda boldy 1 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    26-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherindäki Ýewropa Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy bilen bilelikde geçiren “Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde bitaraplygyň orny” atly ýörite mejlisine gatnaşdylar.

    Mejlise Ýewropa Parlamentiniň deputatlary, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
    Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň, onuň halkara gatnaşyklarynda durnuklylygyň we ynanyşmagyň esasy şerti hökmünde örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähli ýurtlar bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy, ynamly gepleşikleri we parahatçylykly başlangyçlary ösdürmäge gönükdirilen işjeň we döredijilikli garaýyşlarynyň ähmiýeti barada hem bellenildi.
    Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy ösüşi, onuň hukuk esaslary hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Şeýle-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, golaýda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara gepleşikleriň geçirilmegi üçin ygtybarly meýdança bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň alyp barýan işleri barada maglumat berdiler.
    Mejlise gatnaşyjylar bu maslahatyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigiň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny nygtadylar. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilendigini aýratyn bellediler.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm