Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşdy 3 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşdy.
    Ministirligiň resmi web saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda taraplar daşky gurşawy we howanyň üýtgemegi meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ugurlara aýratyn üns berildi.
    Ilçi Saud Arabystany Patyşalygy tarapyndan Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny goldamak hem-de bilelikdäki taslamalary ösdürmek ugrundaky gyzyklanmalaryny beýan etdi.
    Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm