Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi
Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi

Kliniki ordinatura Türkmenistanyň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdebiniň uçurymy okuwyny tamamlan ýylynda, şeýle-de ýokary lukmançylyk hünär bilimi (şol sanda daşary ýurtlaryň bilim hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar edilen) hem-de 3 ýyl iş döwri bolan lukman giriş synagynyň netijeleri we bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Kliniki ordinatura girmek üçin resminamalar 2025-nji ýylyň 1 — 30-njy apreli aralygynda kabul edilýär.
Giriş synaglary 2025-nji ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda geçirilýär.
Giriş synagyndan üstünlikli geçen dalaşgärleriň sany kliniki ordinatura kabul ediljek kliniki ordinatorlaryň tassyklanan sanyndan artyk bolan ýagdaýynda, bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşikde uçurymlar we lukmanlar okan ýa-da işlän döwründe tapawutlanan, ylmy we döredijilik bäsleşikleriniň we (ýa-da) halkara olimpiadalaryň ýeňijileri, baýrakly orunlaryň eýeleri artykmaç hukukdan peýdalanýar.
Kliniki ordinatura girmek hakynda kliniki ordinatorlary taýýarlamagy amala aşyrýan lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-kliniki merkeziniň direktorynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär:
— ýokary lukmançylyk bilimi hakynda diplomynyň nusgasy we onuň goşundysy (ýokary lukmançylyk bilimini daşary ýurt döwletlerinde alanlar degişli diplomynyň Türkmenistanda ykrar edilendigini tassyklaýan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamasynyň nusgasyny goşmak bilen);
— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
— 086/x görnüşli lukmançylyk güwänamasy;
— 3×4 sm ölçegdäki dört sany fotosurat; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüminden) häsiýetnama;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi. Bulardan başga-da, kliniki ordinatura girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalara seretmek boýunça iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
— raýatyň şahsyýetini tassyklaýan resminama;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
2025-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura Kabul etmegi yglan edýär:
14.01.02 — Endokrinologiýa 4 ýer
14.01.03 — Gulak, burun we bokurdak keselleri 3 ýer
14.01.04 — Iç keselleri 5 ýer
14.01.05 — Kardiologiýa 1 ýer
14.01.06 — Psihiatriýa 1 ýer
14.01.07 — Göz keselleri 3 ýer
14.01.08 — Pediatriýa 7 ýer
14.01.09 — Ýokanç keselleri 4 ýer
14.01.10 — Deri we weneriki keselleri 1 ýer
14.01.11 — Nerw keselleri 2 ýer
14.01.13 — Şöhle bilen anyklaýyş we bejeriş 2 ýer
14.01.15 — Trawmatologiýa we ortopediýa 2 ýer
14.01.16 — Ftiziatriýa 2 ýer
14.01.17 — Hirurgiýa 5 ýer
14.01.19 — Çaga hirurgiýasy 2 ýer
14.01.20 — Anesteziologiýa we reanimatologiýa 3 ýer
14.01.23 — Urologiýa 2 ýer
14.02.02 — Epidemiologiýa 3 ýer
14.03.11 — Dikeldiş lukmançylygy, sport lukmançylygy, bejeriş bedenterbiýesi, kurortologiýa we fizioterapiýa 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58.
Telefon belgileri: 92-67-90, 92-70-86
***
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi 2025-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:
14.01.08 — Pediatriýa 2 ýer
14.01.20 — Anesteziologiýa we reanimatologiýa 4 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Görogly köçesi, 80. Telefon belgisi: 36-93-49.
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana 2025-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:
14.01.05 — Kardiologiýa 1 ýer 14.01.26 — Ýürek-damar hirurgiýasy 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow şaýoly, 192. Telefon belgisi: 36-92-05.
***
Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi 2025-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:
14.01.12 — Onkologiýa 9 ýer Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 22. Telefon belgisi: 48-98-07.
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi 2025-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:
14.01.25 — Pulmonologiýa 1 ýer
14.03.09 — Kliniki immunologiýa, allergologiýa 1 ýer
Salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 60. Telefon belgisi: 40-03-53.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm