Türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş sapary

Türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş sapary

Türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş sapary
Türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş sapary 2 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti 24-28-nji mart aralygynda Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde Rumyniýanyň Alba Ýulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş saparyny amala aşyrýar. Iş saparyň esasy maksady mugallymlaryň degişli ugurlarda gysga möhletli okuw sapaklaryny geçmegidir.
    Iş saparyň ilkinji gününde rumyn kärdeşleri bilen geçirilen duşuşyklaryň çäginde türkmen wekiliýetiniň agzalary onlaýn okuwlary kämilleşdirmekde we bilim işini dolandyrmakda täze tehnologiýalary ulanmakda tejribe alyşdylar. Taraplar, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen “1 Decembrie 1918” uniwersitetiniň arasynda hereket edýän özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, esasanam “Iki derejeli” diplom maksatnamasyna we ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini ýola goýulmagyna aýratyn üns berdiler.
    Mälim bolşy ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti rumyn uniwersiteti bilen ençeme ýyl bäri üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Iki abraýly ýokary okuw mekdebi özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde hyzmatdaşlyk edýär. Ähtnama, bilelikdäki barlag işleri we taslamalary, bilim maksatnamalary, talyp alyş-çalyşlary hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny göz öňünde tutýar. Türkmen we rumyn ýokary okuw mekdepleri bilelikdäki ylmy gözlegleriň çäginde halkara hukugy we kompýuter tehnologiýasy ugurlarynda mugallymlary alyş-çalyş etmek ýaly birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirdiler.
    Çeşme:Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm