Türkmen wekiliýeti Ermenistanyň bilim edaralarynyň işi bilen tanyşdy

Türkmen wekiliýeti Ermenistanyň bilim edaralarynyň işi bilen tanyşdy

Türkmen wekiliýeti Ermenistanyň bilim edaralarynyň işi bilen tanyşdy
Türkmen wekiliýeti Ermenistanyň bilim edaralarynyň işi bilen tanyşdy 1 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    26-njy martda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde geçirilen Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Ermenistanyň abraýly bilim edaralarynyň birnäçesine baryp gördi. Bu saparlaryň maksady innowasion bilim modellerini öwrenmekden, tejribe alyşmakdan we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
    Iş saparynyň dowamynda “TUMO” Kreatiw tehnologiýalar merkezine (TUMO) barlyp görüldi. Bu merkez 12-18 ýaşyndaky ýetginjekler üçin mugt goşmaça bilim bermegiň innowasion nusgasyny ornaşdyrýandygy bilen meşhur. Merkez STEM ugry (ylym, tehnologiýalar, inženerçilik we matematika ugurlary) boýunça, şol sanda animasiýa, kompýuter oýunlaryny döretmek, web-programmirleme, robototehnika we täze media ýaly ugurlar boýunça okuwlary guramaga ýöriteleşýär. Okuw maksatnamasy özbaşdak bilim almak, ussatlyk sapaklary we barlaghana taslamalary ýaly ýörelgeleriniň esasynda guralyp, okuwçylara bilim almagyň ýoluny öz isleglerine görä kesgitlemäge şert döredýär.
    Soňra hünär bilimini we okatmagy ösdürmegiň milli merkezine (NCVETD) barlyp görüldi. Bu merkez Ermenistanyň hünär bilimi ulgamyny özgertmek babatda möhüm orny eýeleýär. Merkez kär häsiýetnamalaryny işläp taýýarlamak, bilimiň hilini bahalandyrmak, bilim maksatnamalarynyň akkreditasiýasyny amala aşyrmak, hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.
    Şeýle hem iş saparyň dowamynda Ermenistanyň Milli politehniki uniwersitetiniň ýanyndaky öňdebaryjy tejribe merkezi bolan Ermeni milli inženerçilik barlaghanalarynyň (ANEL) işi bilen tanyşmak üçin ol ýere iş sapary amala aşyryldy. 2013-nji ýylda döredilen ANEL ýokary tehnologiýaly pudaklar üçin ýokary derejeli inženerleri taýýarlaýan 30 sany döwrebap okuw we ylmy-gözleg barlaghanalaryny öz içine alýar. Merkeziň esasy wezipesi – inženerçilik senagatynyň ýokary derejeli, goşmaça gymmaty ýokarlandyrmaga we ýokary tehnologiýaly ermeni kompaniýalaryň innowasionlyk derejesini ýokarlandyrmaga ukyply hünärmenlere bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan ybarat.
    Saparyň çäklerinde ylym we bilim edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri bilen geçirilen duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça peýdaly maslahatlaşmalar bolup geçdi. Talyplaryň alyş-çalyşy, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary, bilim bermek we okuw işini guramak babatda iň gowy tejribeleri işe uýgunlaşdyryp ornaşdyrmak hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde bellenip geçildi.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm