Türkmen wekiliýeti Daşkentde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Daşkentde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Daşkentde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Daşkentde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    28-nji martda türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen “Blue Peace Central Asia” (BPCA) okuw maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Şweýsariýanyň ilçihanasy tarapyndan Halkara Suw Dolandyryş Instituty (IWMI), Tebigaty Goramak Halkara Birleşigi (IUCN) we Merkezi Aziýanyň Sebit Ekologiýa Merkezi (CAREC) bilen bilelikde guraldy. Okuw maslahatyna Merkezi Aziýa döwletleri bilen bir hatarda ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ýer serişdeleri gullugynyň wekilleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem-de CAREC-iň Türkmenistandaky taslama ofisiniň direktory gatnaşdylar.
    Okuw maslahatynyň esasy maksady Merkezi Aziýada suw diplomatiýasyny ösdürmek, sebitleýin suw hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de ýurtlaryň arasynda suw çeşmeleriniň adalatly bölünişigini üpjün etmekden ybarat boldy. Maslahatyň dowamynda suw dolandyryşy bilen bagly meseleler, ekologiýa taýdan durnukly ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Maslahatyň dowamynda türkmen wekilleri ýurdumyzyň suw dolandyryş strategiýalary, suw diplomatiýasy we ekologiýa taýdan durnukly ösüş ugurlary bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem suw serişdeleriniň dolandyrylmagynda ylmy-barlag institutlarynyň we döwlet edaralarynyň gatnaşygyny güýçlendirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Şeýle-de bu okuw maslahaty sebitiň durnukly ösüşine itergi berýän möhüm çäreleriň biri bolup, ýurdumyz üçin suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagyna we ekologiýa taýdan durnukly çözgütleriň ornaşdyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat ugry boýunça Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm bölegi hökmünde suw diplomatiýasyna çynlakaý garalýandygy barada nygtaldy.
    Çeşme: education.gov.tm

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm