Türkmen-özbek döwlet serhedindäki «Farap awtoýollary-Alat» we gümrük nokatlarynyň işi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen-özbek döwlet serhedindäki «Farap awtoýollary-Alat» we gümrük nokatlarynyň işi ara alnyp maslahatlaşyldy

4-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleri göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşdylar.
Iş duşuşygyň maksady «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.
Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar, «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynda ýüze çykyp biljek soraglary we meseleleri dessin çözmek maksady bilen jogapkär wekiliň bellenilmegi, gümrük nokatlarynyň çäginde bilelikdäki iş duşuşyklarynyň geçirilmegi hem-de Türkmenistanda geçen ýylyň 1-nji iýunyndan işe girizilen deslapdan deklarirleme mümkinçiliginden Özbegistanyň Daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň peýdalanmagy üçin tanyşdyryş işleriniň geçirilmegi barada ylalaşyldy.
Çeşme: customs.gov.tm
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.