Türkmen mugallymlary Rumyniýada guralan okuwlara gatnaşdy
Türkmen mugallymlary Rumyniýada guralan okuwlara gatnaşdy

Ýewropa Bileleşigiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde, Merkezi Aziýa döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen “Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) atly taslamasy boýunça, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat topar 22-28-nji mart aralygynda Rumyniýanyň Sibiu şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň maksady ekologiýa, jemgyýetçilik we netijeli dolandyryş meselelerini öz içine alýan magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilim okuw maksatnamasyny işläp düzmek boýunça gysga möhletli okuwlara gatnaşmakdan ybarat boldy. Sibiu şäherindäki Luçian Blaga adyndaky uniwersiteti (Universitatea «Lucian Blaga» din Sibiu) bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaş ýokary okuw mekdebi hökmünde saýlanyldy.
Saparyň çäklerinde ESGCA we durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny öwrenmäge gönükdirilen umumy sapaklary, seminarlary, pikir alyşmalary hem-de amaly sapaklary öz içine alýan tasirli maksatnama guraldy.
Okuw sapaklaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar okatmagyň öňdebaryjy usullary, okuw maksatnamalaryny taýýarlamagyň innowasion çemeleşmeleri hem-de ekologiýa we dolandyryş ugurlarynda häzirkizaman dünýä tendensiýalary bilen tanyşdylar. Mugallymlar ekologiýa, sosial dolandyryş we durnukly ösüş ugurlarynda kämil hünärmenleri taýýarlamakda zerur bolan amaly başarnyklar bilen nazaryýet bilimleriniň özara baglanyşygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ekologiýany jemgyýetçilik we ykdysady ugurlar bilen utgaşdyrmak, şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün edip biljek okuw maksatnamalary işläp düzmek meselelerine aýratyn üns berildi. Okuwlara gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar, bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak we beýleki ýurtlarda üstünlikli durmuşa geçirilen maksatnamalaryň amaly mysallary bilen tanyşdylar.
Mundan başga-da, taslamanyň çäklerinde geljekde duşuşyklaryň we täze okuw türgenleşikleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Bu yzygiderli tejribe alyşmaga we iň täze bilim usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam berer. Şeýle hem bu başlangyç Merkezi Aziýa sebitindäki talyplar we mugallymlar üçin täze mümkinçilikleri açyp, sebitde durnukly ösüşi berkitmäge ýardam eder.
Saparyň çäklerinde, gatnaşyjylar üçin Rumyniýanyň Sibiu şäherinde ýerleşýän “Continental” awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlaýan önümçilik kärhanasyna gezelenç guraldy. “Continental AG” halkara konserniniň bir bölegi bolup durýan bu awtoulag infrastrukturasynyň tehnologiýalaryny öndürmekde öňdebaryjylaryň biridir. Bu önümçilik kärhanasy “ýaşyl önümçilik” düşünjesini işjeň durmuşa geçirip, ekologiýa taýdan arassa materiallary ulanmagy, energiýa we suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny ulanmagy has-da işjeňleşdirmegi, şeýle-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagy maksat edinýär. Mugallymlar kärhananyň daşky gurşawa zyýanly täsirini azaltmak strategiýalary bilen tanyşdylar. Bu maglumatlar ekologiýa we durnukly ösüş ugurlarynda geljekki hünärmenleri taýýarlamak bilen meşgullanýan bilim edaralary üçin uly ähmiýete eýedir.
Çeşme: education.gov.tm
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm