Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Hindistanda halkara seminara gatnaşdy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Hindistanda halkara seminara gatnaşdy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Hindistanda halkara seminara gatnaşdy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Hindistanda halkara seminara gatnaşdy 1 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Hindistan Respublikasynyň Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasynyň çäklerinde Çennaý şäheriniň Hindistanyň milli tehniki ugurly mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryş we ylmy-barlag institutynda ýanwar aýynyň 22-si we fewral aýynyň 18-i aralygynda geçirilýän “Strengthening Technical & Vocational education and training systems to meet the sustainable development goals of the United Nations” atly mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatyna gatnaşýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Kömek Kömekow 7-nji fewralda Hindistanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Hindistanyň Ylym we tehnologiýalar institutynda geçirilen halkara seminara gatnaşdy. Halkara seminarda K.Kömekow ýurdumyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan işler we bu ugurda döredilýän mümkinçilikler barada çykyş etdi. Seminaryň netijeleri boýunça K.Kömekowa Hindistanyň Ylym we tehnologiýalar institutynyň rektory tarapyndan sertifikat we sowgat gowşuryldy.
    ITEC Hindistan Respublikasynyň hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy 1964-nji ýylda esaslandyrylan iň baýry bilim edaralarynyň biri bolup, ol halkara bilim mümkinçilikleri amala aşyrmaga niýetlenendir. Binagärlik-gurluşyk instituty ITEC maksatnamasy bilen 2023-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär.
    Çennaý şäherindäki Hindistanyň milli tehniki ugurly mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryş we ylmy-barlag institutynda häzirki wagtda geçirilýän okuw maslahatyna dünýäniň 25 döwletinden 30 wekil gatnaşýar.

    Amanmyrat Arazow,
    Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm