Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini…

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi 3 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm