Täze maglumat merkezi gurulýar
Täze maglumat merkezi gurulýar Täze maglumat merkezi gurulýar 2025-03-11 1 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp
ABŞ-nyň “OpenAI” we “Oracle” kompaniýalary “Stargate” taslamasynyň çäklerinde Tehas ştatynyň Awilin şäherinde maglumat merkeziniň gurluşygyna başlady. “Ýakyn wagtda bu ýerde “Nvidia” kompaniýasynyň “GB200” çipleriniň ilkinji 16 müňüsi oturdylar, 2026-njy ýyla çenli bolsa bu san 64 müňe ýetirilmegine garaşylýar.
Ýanwar aýynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “OpenAI”, “Softbank” we “Oracle” ýaly öňdebaryjy kompaniýalar tarapyndan emeli aň ulgamynda iň täze infrastruktura taslamasy bolan “Stargate”-e 4 ýylyň dowamynda 500 milliard dollar maýa goýuljakdygyny mälim etdi. Tramp “Stargate” taslamasyny “taryhyň iň uly emeli aň infrastruktura taslamasy” diýip atlandyryp, ABŞ-nyň täze tehnologiýalar ugrunda bäsdeşlige duçar bolýandygyny belläpdi. “Stargate” taslamasy emeli aň modellerini ornaşdyrmak üçin zerur bolan, “Nvidia”-nyň iň täze çipleriniň önümçiligini ýaýbaňlandyrmak üçin tehnologiýa kompaniýalarynyň arasyndaky giň gerimli bäsdeşligiň bir bölegi boldy. “OpenAI” maglumat merkeziniň üpjünçilik işleri bilen meşgullansa, “Oracle” superkompýuterleri satyn almak we olary işe girizmek işlerini öz üstüne alýar. Ýöne häzirlikçe kompaniýalaryň hiç birisi bu mesele barada jikme-jik maglumat bermedi.
Beýleki kompaniýalar hem emeli aň infrastrukturasyna maýa goýýarlar. Mysal üçin, Ilon Maskyň “xAI” kompaniýasy Memfisde emeli aň serwerlerini gurmak üçin, “Dell Technologies” kompaniýasy bilen 5 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. “Meta Platforms” kompaniýasy bolsa “Nvidia H100” çipleriniň sanyny 600 müňe ýetirmek ugrunda has uly hasaplaýyş kuwwatyny döretmegi meýilleşdirýär.
“GB200” çipleriniň ilkinji tapgyrynyň bahasy milliardlarça dollara deň bolar. “Nvidia” kompaniýasy çipleriň bahasyny aýdanok, emma kompaniýanyň baş direktorynyň öň “B200” çipleriniň bahasynyň 30 müň bilen 40 müň dollar aralygyndadygyny belläpdi. “OpenAI” we “SoftBank” geljekde Pensilwaniýa we Wiskonsin ýaly beýleki sebitlerde hem maglumat merkezlerini gurmagy göz öňünde tutýarlar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm