Taryhy deňme-deňlikden soň “Real Madrid” finala çykdy

Taryhy deňme-deňlikden soň “Real Madrid” finala çykdy

Taryhy deňme-deňlikden soň “Real Madrid” finala çykdy
Taryhy deňme-deňlikden soň “Real Madrid” finala çykdy 6 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynda ýarym finalyň jogap oýnunda taryhy duşuşyk geçirildi. Myhmançylykda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madrid” jogap duşuşygynda öz meýdançasynda “Real Sosiedady” kabul etdi. 8 goluň geçirilen oýnunda “Reala” finala çykmak ýeňil düşmedi.

    San sebastianlylar Barrenetçeanyň 16-njy minutdaky goly bilen 1-0 öňe geçse-de, 30-njy minutda “Real” Endrigiň ajaýyp goly bilen hasaby deňledi.

    Taryhy deňme-deňlikden soň “Real Madrid” finala çykdy

    2-nji ýarymy, esasanam soňky 20 minuty gol duellosyna öwrülen oýunda “Real Sosiedad” Alabanyň 72-nji minutdaky awtogoly hem-de Oýarzabalyň 80-nji minutdaky goly bilen 3-1 öňe saýlandy. Ruhdan düşmedik “Real” gysga wagta hasaby deňledi. 82-nji minutda Bellingamyň, 86-njy minutda-da Tçuameniniň gollary bilen hasap 3-3 boldy. 90+3-nji minutda-da Oýarzabal 2-nji goluny geçirip, umumy hasaby deňledi. Bu bolsa goşmaça wagt oýnalmaly diýmekdi. Goşmaça wagtda-da, soňky 5 minut galanda, Arda Güleriň burçdan ýerine ýetiren urgusynda topy kellesi bilen derwezä girizen Rüdiger “Realyň” finala çykandygyny jar etdi. Galan minutlarda “Real Sosiedada” gol geçirtmek başartmady.

    Taryhy deňme-deňlikden soň “Real Madrid” finala çykdy

    Şunlukda, bu duşuşyk 4-4 hasabynda deňlikde tamamlanyp, 2 oýnuň netijesi boýunça “Real Madrid” 5-4 üstün çykdy we adyny finala ýazdyrdy. Bassyr 2-nji umumylykda-da 41-nji gezek finala çykan “Real Madrid” Ispaniýanyň Şa Kubogyny 20 sapar eýeläpdi.

    Ispaniýanyň Şa Kubogynyň finalynda ýa “El Klasiko” ýa-da Madrid derbisi oýnalar. Şu gije ýarym finalyň jogap duşuşygynda “Atletiko” Madridde “Barselonany” kabul eder. 1-nji duşuşyk 4-4 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Final duşuşygy 26-njy aprelde Sewilýa şäherinde geçiriler.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm