Slowakiýa rus gazynyň importyna täzeden başlady

Slowakiýa rus gazynyň importyna täzeden başlady

Slowakiýa rus gazynyň importyna täzeden başlady
Slowakiýa rus gazynyň importyna täzeden başlady 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Slowakiýanyň iň uly gaz kompaniýasy SPP 1-nji fewraldan başlap, Wengriýanyň üsti bilen “Türk akymy” turbageçirijisi arkaly rus gazyny import edip başlady.
    “SPP-niň Russiýanyň “Gazprom”-y bilen ygtybarly şertnamasy bar we üstaşyr çykdajylary beýleki üpjün edijilere garanyňda, ep-esli pesdir” diýip, SPP Geňeşiniň başlygy Woýteh Ferensa salgylanyp habar berdi. Ukrainanyň gaz şertnamasyny uzaltmandygy sebäpli Russiýadan Slowakiýa akdyrylýan gaz 1-nji ýanwarda togtadylypdy.
    Woýteh Ferensiň pikiriçe, Russiýanyň gazyny Ýewropa iberýän iň soňky turbageçiriji bolan “Türk akymy” arkaly Slowakiýa gaz üpjünçiligi aprel aýyndan iki esse artar. Ol bu barada has giňişleýin maglumat bermekden saklandy.
    – Şeýle-de bolsa, Slowakiýanyň isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin “Türk akymynyň” kuwwaty entek ýeterlik däl, sebäbi bu ýurt Russiýanyň gazyna garaşly bolup galýar – diýip, SPP söwda bölüminiň başlygy Miçal Lalikiň aýtdy.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm