“Serie A”-da çempionlyk ýaryşy täzeden alawlandy

“Serie A”-da çempionlyk ýaryşy täzeden alawlandy

“Serie A”-da çempionlyk ýaryşy täzeden alawlandy
“Serie A”-da çempionlyk ýaryşy täzeden alawlandy 2 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Italiýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi duşuşygynda, Italiýa derbisinde “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Interden” 1-0 hasabynda üstün çykdy. Çempionlyk ýaryşynyň täzeden alawlanmagyna sebäp bolan bu goly 74-nji minutda Konseýsau geçirdi.

    Sanawyň lideri “Napoli” myhmançylykda “Lasio” bilen duşuşyp, soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi. “Milan” bolsa öz meýdançasynda “Weronany” täze transferi Himenesiň ýeke-täk goly esasynda kynlyk bilen ýeňdi.

    Şu ýyla geçip ýeňilmän gelýän “Roma” myhmançylykda “Parmany” Suleniň goly bilen 1-0 hasabynda utdy. “Fiorentinanyň” öz meýdançasynda “Komodan” 2-0 hasabynda asgyn gelmegi tapgyryň garaşylmadyk netijesi boldy. “Bolonýa” bolsa “Torinony” Biraginiň 90-njy minutda awtogoly bilen 3-2 hasabynda ýeňdi.

    “Serie A”-da 25-nji tapgyryň netijeleri:

    Bolonýa – Torino: 3-2 (Ndoý 20, 70 p, Biragi 90 ö.d. – Wlaşiç 37, Elmas 65),

    Atalanta – Kaliari: 0-0,

    Lasio – Napoli: 2-2 (Isaksen 6, Dia 87 – Raspadori 13, Maruşiç 64 ö.d.),

    Milan – Werona: 1-0 (Himenes 75),

    Fiorentina – Komo: 0-2 (Diao 41, Paz 66),

    Monza – Leççe: 0-0,

    Udineze – Empoli: 3-0 (Ekkelankamp 19, 65, Towen 90),

    Parma – Roma: 0-1 (Sule 33),

    Ýuwentus – Inter: 1-0 (Konseýsau 74),

    Jenoa – Wenesiýa: 2-0 (Pinamonti 82, Korne 86)

     

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm