S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar 3 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 15-nji martynda, 12-nji aprelinde we 10-njy maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

    Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumat berler.
    «Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar: Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde. Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2009-njy (Görogly)köçesiniň 143-nji jaýy. Telefon belgileri: 34-07-77, 34-25-64, 34-27-09. Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy:Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefon belgileri: (+993322)9-33-92, 9-40-68, 9-27-47. Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň 1-nji«A»jaýy. Telefon belgileri: (+993422)9-89-56, 9-87-71, 9-88-12. Mary welaýatynyň ýaşlary üçin: Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly şäheriniň Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefon belgileri:(+993564)6-00-83, 6-07-84, 6-38-19.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm