Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine türkmen ýaşlary okuwa iberiler

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine türkmen ýaşlary okuwa iberiler

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine türkmen ýaşlary okuwa iberiler
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine türkmen ýaşlary okuwa iberiler 1 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýär. Däp bolşy ýaly, 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine türkmen ýaşlary bilim alarlar. Olary maglumat tehnologiýalary; saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary; bilim we pedagogika ylymlary; oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary; inženerçilik işi; tehnologiýalar we tehniki ylymlar; matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine ibermek meýilleşdirilýär.
    Bu barada 14-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm