Ronaldo ädimme-ädim 1000-nji goluna barýar
Ronaldo ädimme-ädim 1000-nji goluna barýar

Saud Arabystanynyň çempionatynda paýtagt derbisinde “Al Nassr” topary myhmançylykda “Al Hilal” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Al Nassr” topary 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Myhmanlara ýeňiş getiren gollary 45+4-nji minutda Ali Al-Hassan bilen 47-nji we penaltiden 88-nji minutlarda Kristiano Ronaldo geçirdi. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goluny bolsa 62-nji minutda Ali Al-Bulaýhi öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, çempionatyň tamamlanmagyna 8 tapgyr galanda 3-nji ýerdäki “Al Nassr” bilen 2-nji orundaky “Al Hilalyň” arasyndaky utuk aratapawudy 3-e düşdi.
Kristiano Ronaldo bolsa çempionatdaky 20-21-nji gollaryny geçirip, ol sanawda birinji orny eýeleýär. Onuň umumy gollarynyň sany 931-e ýetip, super ýyldyzyň 1000-nji goluna 69 gol galdy.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm