Reňkler barada gyzykly maglumatlar
Reňkler barada gyzykly maglumatlar

- Iňlis fizigi Isaak Nýuton 1665-nji ýylda «reňkli tigir» oýlap tapýar. 7 reňkden ybarat halka gyzyl bilen başlanyp (mämişi, sary, ýaşyl, gök, syýa), mawy reňk bilen jemlenipdir.
- 1840-njy ýyllara çenli gyzyl reňkli gelin lybaslary meşhur bolýar. Şa zenany Wiktoriýa ak reňkli toý lybasyny geýip, täze toý däbini ýola goýýar.
- Köp adamda bolup geçen wakalary reňk bilen baglanyşdyrmak duýgusy bar. Muňa reňk fobiýasy diýilýär. Şeýle adamlar bir reňki gören wagty begenip ýa-da başgasyny görende gynanyp, howsalaly ýagdaýa düşüp bilýär.
- Çaganyň ilkinji saýgarýan reňki gyzyl bolup, görşi we beýnidäki nerw damarlaryny ösdürýär.
- Öküzler aslynda gyzyl reňki ýigrenmeýärler. Aslynda öküz islendik herekete gaharlanyp bilýär.
- Gülgün köşeşdiriji reňk hasaplanýar. Bu reňk köplenç saglyk edaralarynda ulanylýar. Çalt gaharlanýan adamlara gülgün güllere ýa-da şol reňkdäki diwarlyklara seretmek maslahat berilýär.
- Gök bütin dünýäde iň halanýan reňk hasaplanýar. Parahatçylygyň nyşany hasaplanýan bu reňk köplenç halkara söwda edaralary tarapyndan ulanylýar.
- Sary we gyzyl reňk iýip-içmäge bolan isleg duýgusyny döredýär. Şol sebäpli mahabat we restoran bezeglerinde bu iki reňkiň sazlaşygy köp ulanylýar.
- Gara reňkli egin-eşik, ýagny gara reňkli köýnek, penjek we jalbar adamy salyhatly hem-de başarnykly görkezýär. Ýewropada gara egin-eşikleri geýýänleri «güýçli adam» hasaplaýarlar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm