Parižiň köçeleri baglyga bürener
Parižiň köçeleri baglyga bürener

Fransiýanyň paýtagty Parižiň şaýollarynyň we köçeleriniň 500-sinde ulag hereketi çäklendirilip, olaryň gyralaryna nahallar ekilmegi üçin pikir soralyşyk geçirildi. Şäheriň ýerli häkimiýetiniň bu teklibi ýaşaýjylar tarapyndan oňlanan ýagdaýynda şäheriň köçeleriniň 10-dan 1-ine ulag çäklendirmesi giriziler. Şeýle sala salşyk 2023-nji ýyldan bäri üçünji gezek geçirilýär. Parižliler 2023-nji ýylda samokatlaryň ulanylmagynyň gadagan edilmegi üçin ses beripdiler. Geçen ýyl bolsa, uly göwrümli ýeňil ulaglaryň üç esse köp duralga tölegini tölemegi üçin referendum geçirildi. Maglumatlara görä, Parižde 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri ulag hereketi iki esse azalypdyr. Soňky ýyllarda şäherde pyýada we welosipedli gezelenç etmek üçin ýodalar gurulýar. 2020-nji ýyldan bäri Parižde umumy uzynlygy 84 kilometre ýetýän welosiped ýodalary guruldy. Netijede, welosipediň ulanylyşy 71 göterim ýokarlanypdyr.
Şäherdäki käbir ýollarda ulag hereketiniň çäklendirilmegi bilen awtoduralgalar hem aýrylyp, olaryň ýerine ýaşyl zolaklar dörediler. Bu taslamanyň çäklerinde jemi 170 müň düýp agaç nahalynyň oturdylmagy meýilleşdirilýär.
Maglumata görä, Parižiň 26 göterimini ýaşyl zolaklar emele getirýär. Bu görkeziji Ýewropanyň beýleki şäherlerinde ortaça 41 göterim.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm