“Milany” 23 ýyldan soň öz meýdançasynda ilkinji gezek ýeňdi

“Milany” 23 ýyldan soň öz meýdançasynda ilkinji gezek ýeňdi

“Milany” 23 ýyldan soň öz meýdançasynda ilkinji gezek ýeňdi
“Milany” 23 ýyldan soň öz meýdançasynda ilkinji gezek ýeňdi 1 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Italiýanyň çempionatynda 9-njy tapgyryň galdyrylan oýnunda “Bolonýa” öz meýdançasynda “Milan” bilen duşuşdy. Oýnuň 43-nji minutynda “Milan” Rafael Leaonyň goly bilen öňe saýlansa-da, ýer eýeleri 2-nji ýarym gol bilen başlady. 48-nji minutda Kastro hasaby deňledi. 82-nji minutda bolsa Ndoý ýer eýelerini öňe saýlady. Galan minutlarda-da “Milana” jogap bermek başartmady. Şunlukda, “Bolonýa” topary “Milandan” 2-1 hasabynda üstün çykyp, utugyny 44-e ýetirdi we 6-njy orna beýgeldi. “Milan” bolsa 41 utukda galyp, 8-nji orna düşdi. “Bolonýa” topary “Milany” 2002-nji ýyldan soň, ýagny 23 ýyldan soň ilkinji gezek öz meýdançasynda ýeňmegi başardy.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm