Meşhur çaga oýnawaçlary
Meşhur çaga oýnawaçlary

LEGO. Çagalaryň iň eý görýän güýmenjesi bolan LEGO gyzykly hem-de peýdaly oýnawaçlaryň biridir. Bu oýnawaç sökülip-düzülýän birnäçe plastmassa bölejiklerinden ybarat bolup, kiçijik bölejiklerden jaý, piramida we dürli şekilleri düzüp bolýar. 1949-njy ýylda «oýunjak kerpiçlerini» öndürip başlan LEGO dünýäniň iň uly oýnawaç öndürijisidir. Bu kompaniýa her ýyl 600 milliarddan gowrak oýnawaç böleklerini we şaýlaryny işläp çykarýar. LEGO «kiçijik gurluşykçylaryň» arasynda ýaryşlardyr döredijilik bäsleşiklerini hem geçirýär. Bu oýnawaç brendiniň çäginde birnäçe film, oýun we 8 sany «Legoland» dynç alyş seýilgähi döredildi.
Kiçijik ulaglar. Iň gyzykly oýnawaçlaryň biri hasaplanýan «Hot Wheels» kiçijik awtoulaglaryň jemlenen toplumydyr.
1968-nji ýylda amerikaly işewür Elliot Hendler tarapyndan oýlanyp tapylan oýnawajyň düzümine 5 müňden gowrak awtoulag girýär. 5-15 ýaş aralygyndaky çagalara niýetlenen kiçijik ulaglar dünýäde iň köp satyn alynýan oýnawaçlaryň biridir. Bu oýnawajyň sökülip-düzülýän, metaldan we plastmassadan ýasalan ýaryş ulaglary, motosiklet, ýük ulaglary ýaly dürli görnüşleri bar.
«Barbie». 1959-njy ýyldan bäri öndürilip gelinýän «Barbie» gurjaklary gyzjagazlaryň iň eý görýän oýnawaçlarynyň biridir. Amerikaly işewür zenan Rut Hendler tarapyndan döredilen bu gurjaklar Germaniýada satylýan «Bild Lilli» gurjagyndan ylham alnyp ýasalypdyr. «Barbie» gurjagynyň esasynda birnäçe wideo oýunlary, animasiýa filmleri taýýarlanyldy.
«Barbie» we onuň dosty Ken dünýäde iň meşhur iki gurjak hökmünde häsiýetlendirilýär. «Barbie»-niň özüne degişli esbaplary, egin-eşikleri we birnäçe joralary bar.
Slinki. 1943-nji ýylda amerikan inžener-mehanigi Riçard Jeýms tarapyndan oýlanyp tapylan älemgoşar pružinjik iň köp isleg bildirilýän oýnawaçlaryň biri hasaplanýar. Riçard harby deňiz güýçlerinde gulluk edýän döwri pružinlerde tejribe-synag işlerini geçiripdir. Synaglaryň birinde garaşylmadyk ýagdaýda pružinleriň biri onuň elinden gaçyp, emaý bilen «ýöräp» başlapdyr. Bu ýagdaýa geň galan Riçard pružini öýüne alyp gaýdypdyr we öz açyşyny maşgalasy bilen paýlaşypdyr. Oýlap tapyjy pružini kämilleşdirip, çaga oýnawajyny ýasamaly diýen karara gelipdir. Pružinjigiň ahyrky görnüşi 98 aýlawly bolup, beýikligi 6,5 santimetre deň. Şwed dilinden terjime edilende «akgynly, aýlawly we geň-enaýy» diýen manyny berýän slinki 1945-nji ýylda satuwa çykarylýar. Öndürilip başlananyna 80 ýyl töweregi wagt geçendigine garamazdan slinkiniň asyl durky we görnüşi üýtgedilmändir.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm