Meşhur awtoulaglaryň logolarynyň aňladýan manysy

Meşhur awtoulaglaryň logolarynyň aňladýan manysy
2025-02-15 5 Facebook Twitter
Pinterest
WhatsApp
Adamzat taryhynda iň gowy oýlap tapyşlaryň biri bolan awtoulagyň 139 ýyllyk taryhy bar. Häzirki wagtda dünýäde 3 müň 300-den gowrak işjeň awtoulag brendi (kompaniýa) bolup, Ýer ýüzünde 1,5 milliarddan gowrak awtoulag bar. Ýörite taýýarlanan sahypamyzda meşhur awtoulaglaryň logolarynyň aňladýan manysy baradaky gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.
«Mercedes-Benz». Meşhur nemes brendiniň ady barada halk içinde dürli gürrüňler bar. «Mersedes-Benz» kompaniýasynyň ady awstriýaly awtoulag işewüri Emil Jellinegiň gyzy Mersedes Jellinegiň adyndan gözbaş alýar. Emil 1902-nji ýylda söwda belgisini alan, «Daimler-Benz AG»-yň düzüminde Karl Benz tarapyndan oýlanyp tapylan 35 at güýji bolan awtoulagyň adyny gyzynyň hormatyna «Mersedes» diýip atlandyrmagy teklip edýär. Şeýlelikde, ulagyň ady söwda belgisini alan telekeçiniň gyzy bilen oýlap tapyjynyň adynyň birleşmeginden emele gelýär. Resmi taýdan 1926-njy ýylda esaslandyrylan «Mercedes-Benz»-iň logosynda halkanyň içinde bir nokatdan çykýan üçburçly ýyldyz bar. Üç tarapy görkezip duran ýyldyzlar: gury ýerde, suwda we howada diýen manyny berýär.
BMW. Nemes kompaniýasynyň ady «Bayerische Motoren Werke» (Bawýera motor zawodlary) nemes sözüniň gysgaldylan görnüşidir. 1913-nji ýylda Bawariýanyň Mýunhen şäherinde düýbi tutulan bu kompaniýanyň logosynda daşy tegelek 2 ak, 2 gök üçburçluk bilen BMW ýazgysy bar. Ilkibaşda uçarlaryň hereketlendirijilerini işläp düzmek maksady bilen düýbi tutulan bu kompaniýada awtoulag, motosiklet we welosiped öndürilip başlanýar. Logodaky gök we ak reňkler Bawariýanyň baýdagyndan ylham alyp, BMW sözi «Bayerische Motoren Werke»-niň gysgaldylan baş harplarydyr.
«Toyota». Dünýäniň iň köp ýaýran brendi 1937-nji ýylda Ýaponiýanyň Aýti şäherinde Toýoda Kiitiro tarapyndan esaslandyrylýar. 1936-njy ýylda «Model AA» ulagy işlenip düzülenden soň kompaniýanyň adyny döretmek barada bäsleşik geçirilýär. Gelip gowşan 27 müň teklibiň arasyndan Toýoda sözüniň üýtgedilen görnüşi bolan Toýota saýlanýar. Bu at daşary ýurtlularyň aýtmagy aňsat bolmagy üçin saýlanýar. Ilkibaşda ýapon katakanasy (iýeroglif) bilen ýazylan kompaniýanyň ady 1950-nji ýylda baş harplar bilen TOYOTA diýlip latynça ýazylýar. Kompaniýanyň iki süýri halkadan emele gelen «T» harpy aňladýan logosy 1990-njy ýylda döredilýär. Bu logonyň manysy öndüriji bilen müşderileriň arasyndaky berk baglanyşygy we ynamy aňladýar.
«Opel». 163 ýyl ozal tikin maşyn öndürijisi Adam Opel tarapyndan döredilen nemes brendi ilkibaşda welosiped öndürýär. 1866-njy ýylda bu kompaniýanyň welosipedleri halkara ýaryşlarda meşhurlyk gazanyp, 1890-njy ýylda welosipedler üçin «Victoria Blitz» diýlip ýazylan täze logo döredilýär. 1899-njy ýylda ilkinji awtoulagyny işläp düzen bu kompaniýa soňky ýyllarda raketa şekilli moto we howa ulaglaryny hem öndürýär. Şeýlelikde, kompaniýa awiasiýa we kosmos pudagyna önjeýli goşant goşýar. Ilkinji bolup raketaly tüsseçykarly awtoulag öndüren bu kompaniýa 60-dan gowrak ýurtda ulaglaryny satýar. Ilkibaşda «Opel»-iň nyşanynda kompaniýany esaslandyryjynyň baş harplary bolan A harpy goňrumtyl reňkde, O harpy hem gyzyl reňkde şekillendirilipdir. 1930-njy ýylda kompaniýa «Opel Blitz» ady bilen ilkinji ýük ulagyny öndürip başlaýar. Kompaniýanyň logosyndaky ýyldyrym (Blitz) şol ýyldan gözbaş alýar. 1961-nji ýylda ýyldyrymyň şekiliniň aşagynda «Opel» diýlip ýazylan täze logo döredilýär. Kompaniýanyň logosy esaslandyryjynyň adyndan we halkanyň içinde ýerleşdirilen Z harp görnüşli iki bölek ýyldyrymdan ybarat. Nyşandaky ýyldyrym çaltlygy we güýçlüligi aňladýar.
«Hyundai». Koreý kompaniýasy 1967-nji ýylda Çon Çžu-ýon tarapyndan esaslandyrylýar. Ýumurtga şekilli tegelegiň içindäki logo H harpyna meňzese-de, logonyň çuň manysy bar. Aslynda, logoda H harpy arkaly satyjy bilen müşderiniň hormat bilen salamlaşyp duran şekili suratlandyrylýar. Sag tarapa gyşarýan H harpy geljege tarap ymtylmagy aňladýan hem bolsa, asyl manyda satyjy bilen müşderiniň arasyndaky berk baglanyşygy görkezýär. Koreýa Respublikasynyň iň uly awtoulag öndürijisi dünýäde owadan we amatly ulaglary bilen tanalýar.
«Audi». 1909-njy ýylda düýbi tutulan bu kompaniýanyň nyşanyndaky dört sany kümüş halka 1932-nji ýylda Germaniýanyň iň köne awtoulag öndürijileri bolan «Audi», DKW, «Horch» we «Wanderer»-iň birleşmegini alamatlandyrýar. Bu dört kompaniýa «Auto Union» atly birleşmäni emele getirýär. Bu kompaniýalar bilelikde ulag öndürenlerinde dört halkaly logony ulanypdyrlar. Aýratynlykda her kim öz nyşanyny ulanypdyr. 1985-nji ýylda birleşme ýatyrylandan soň, Awgust Horhuň eýeçiliginde «Audi» ady bilen (latynça manysy: eşitmek) täze kompaniýa esaslandyrylýar. Täze kompaniýa 4 halkaly logosyny saklap galýar.
«Volkswagen». Dünýädäki iň uly awtoulag öndürijileriniň biri bolan «Volkswagen» 1937-nji ýylda Ferdinand Porşe tarapyndan esaslandyrylýar. Tegelegiň içinde üst-üstüne ýerleşdirilen «VW» harply logosy bolan bu kompaniýa «halk ulagy» ady bilen tanalýar. Logodaky V harpy «volk» (adamlar), W harpy «wagon» (ulag) diýen manyny aňladýar.
Gysgaça taryhyndan

Flocken Elektrowagen
1886-njy ýylda nemes inženeri Karl Benz benzin bilen işleýän ilkinji awtoulagy köpçülige hödürleýär.
1888-nji ýylda nemes inženeri Andreas Floken dünýäde ilkinji elektroulag hasaplanýan «Flocken Elektrowageni» işläp düzýär.
1890-njy ýylda «Daimler Motoren Gesellschaft» kompaniýasy esaslandyrylýar.
1908-nji ýylda Henri Ford has amatly «Model T» awtoulagynyň önümçiligini ýola goýýar.
1926-njy ýylda «Daimler-Benz» kompaniýasy döredilýär we meşhur awtoulag «Mercedes» peýda bolýar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm