Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik çäresi geçiriler

Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik çäresi geçiriler Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik çäresi geçiriler 5 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Aprel aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Meşhur sazanda Pürli Saryýewiň ömri-döredijiligine, Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygyna, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik çärelerini guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 28-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm