Mariana çöketligine goýberiler
Mariana çöketligine goýberiler

Hytaýly alymlar Ýeriň iň çuň ýeri hasaplanýan Mariana çöketligine aşa güýçli basyşa çydamly suwasty robot goýberdiler. Ýuwaş ummanyndaky Mariana çöketliginiň çuňlugy 11 kilometr töweregi bolup, ol ýere barmak aşa güýçli basyş sebäpli örän kyn. Hytaýly hünärmenleriň işläp taýýarlan robotynyň suwasty barlaglarda ulanylandygy we şowly ýagdaýda yzyna getirilendigi mälim edilýär. Pekindäki Beýhan uniwersitetiniň hünärmenleriniň işläp taýýarlan robotynyň ululygy bary-ýogy 50 santimetr bolup, sekuntda 5,5 santimetr tizlik bilen hereket edýär. Robotyň ýüzüp, gumly tekizlikde «emedekläp» bilýändigi mälim edildi.
Beýhan uniwersitetiniň ylmy işgäri Wen Li robotyň suwasty gämä berkidilip deňze goýberilendigini, dürli barlaglardan geçirilendigini we olary üstünlikli tamamlap, şowly ýagdaýda yzyna getirilendigini mälim etdi. Roboty işläp taýýarlan topar deňiz serişdeleriniň özleşdirilmegi, arheologiýa we daşky gurşawa gözegçilik ýaly deňziň çuň gatlaklaryndaky ylmy işleri amala aşyrmak üçin robotyň çydamlylygyny artdyrmagy maksat edinýärler.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm