“Liwerpulyň” Salahy bar, “Arsenal” “Sitini” derbi-dagyn etdi

“Liwerpulyň” Salahy bar, “Arsenal” “Sitini” derbi-dagyn etdi

“Liwerpulyň” Salahy bar, “Arsenal” “Sitini” derbi-dagyn etdi 2 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Liwerpul” 11 oýunda bäri ýeňilmän gelýän “Braýton” toparyny myhmançylykda Mohamed Salahyň (30 p, 75) gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňdi. APL-däki gollarynyň sany 178-e ýeten Salah iňlis futbolçysy Frank Lampardy yzda galdyryp, 6-njy orna beýgeldi.

    Şägirt halypasyna 5-lik goýdy

    Tapgyryň merkezi duşuşygynda bolsa “Arsenal” Londonda “Mançester Sitini” 5-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Arsenal” Edegoryň 2-nji minutdaky goly bilen öňe geçdi. 55-nji minutda Holann hasaby deňlese-de, 56-njy minutda Partiniň goly bilen londonlylar täzeden öňe saýlandy. 62-nji minutda Lýuwis-Skelli karýerasyndaky ilkinji goluny geçirse, 76-njy minutda Hawerts tapawutlandy. 90+3-nji minutda-da Nwaneri oýna soňky nokady goýdy. Çempionatda 11 oýundan bäri utulman gelýän “Arsenal” 2003-nji ýyldan soň ilkinji gezek “Sitini” uly hasap bilen ýeňdi.

    Jogapsyz 7 gol

    Mundan öňki tapgyrda “Bornmutdan” 5-0 hasabynda asgyn gelen “Nottingam Forest” öz meýdançasynda “Braýtonyň” derwezesinden jogapsyz 7 gol geçirdi. Duşuşykda Kris Wud 3 gezek tapawutlanyp, het-trik etmegi başardy.

    “Brentfordy” myhmançylykda 2-0 hasabynda ýeňen “Tottenham” 8 oýundan soň ilkinji ýeňşini gazandy. Yzygiderli ýeňiş gazanmakda kynçylyk çekýän “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Kristal Palasdan” 2-0 hasabynda asgyn geldi. Öz meýdançasynda soňky 6 oýunda 5-nji gezek utulan “Ýunaýtediň” derwezesinden gollaryň 2-sini hem Mateta geçirdi.

    Nottingam Forest – Braýton: 7-0 (Dank 12 ö.d., Gibbs-Waýt 25, Wud 32, 64, 70 p, Williams 90, Žota Silwa 90+1),

    Bornmut – Liwerpul: 0-2 (Salah 30 p, 75),

    Ewerton – Lester: 4-0 (Dukure 1, Betu 6, 45+2, Ndiaý 90),

    Ipswiç – Southempton: 1-2 (Delap 31 – Aribo 21, Onuaçu 88),

    Nýukasl – Fulham: 1-2 (Mörfi 37 – Himenes 61, Muniz 83),

    Wulwerhempton – Aston Willa: 2-0 (Belgrad 12, Mateus Kunýa 90+7),

    Brentford – Tottenham: 0-2 (Ýanelt 29 ö.d., Sarr 87),

    Mançester Ýunaýted – Kristal Palas: 0-2 (Mateta 64, 89),

    Arsenal – Mançester Siti: 5-1 (Edegor 2, Partri 56, Lýuwis-Skelli 62, Hawerts 76, Nwaneri 90+3 – Holann 55),

    Çelsi – West Ham (şu gije)

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm


    Больше на Kitapcy.su

    Subscribe to get the latest posts sent to your email.