Lissabondan uly hasaply ýeňiş bilen dolanan “Borussiýa” 1/8 finala golaý
Lissabondan uly hasaply ýeňiş bilen dolanan “Borussiýa” 1/8 finala golaý

UEFA Çempionlar Ligasynyň pleý-off tapgyrynda Lissabonda ýerli “Sporting” bilen Dortmundyň “Borussiýasy” duşuşdy. Duşuşygyň her ýarymy başgaça bolup, 1-nji ýarymda ýer eýeleri erjel oýun görkezdi. 1 urgusy sütünden yzyna gaýdan lissabonlylara amatly pursatlardan peýdalanmak başartmady. Ýöne 2-nji ýarymda başgaça oýun görkezen nemesler garşydaşyny garaşylmadyk ýagdaýda uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

Oýnuň 60-njy minutynda Seru Girassi dortmundlylary öňe geçirdi. Ol şu möwsümde bu ýaryşda 10-njy goluny geçirip, sanawda birinji orna beýgeldi. Kot-d’iwuarly hüjümçi “Borussiýa Dortmundyň” şu möwsümde UÇL-de oýnan 9 duşuşygynda-da gola gönümel goşant etdi. Ol 9 oýnuň 7-sinde gol geçirse, 2-sinde asist etmegi başardy. Duşuşygyň 68-nji minutynda Girassi bu gezek asist edip, Paskal Gross hasaby 2-0-a çykardy. 82-nji minutda bolsa Karim Adeýemi 3-nji goly geçirip, “Borussiýany” 1/8 finala çykarjak ynamly ýeňşi yglan etdi. 3-0 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Borussiýa Dortmund” topary 1/8 finalyň bosagasyndan ilkinji ädimi ätdi. Jogap duşuşygy 19-njy fewralda Dortmundda oýnalar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm