Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi 1 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
    Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzade ýolbaşçylyk etdiler.
    Duşuşygyň dowamynda 2024-nji ýylyň fewralynda Tähranda geçirilen hökümetara toparyň 16-njy mejlisinde gelnen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de ähli ýetilen ylalaşyklaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.
    Mejlisiniň işiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm