Kembekleriň hökümdary – “Real Madrid”
Kembekleriň hökümdary – “Real Madrid”

UEFA Çempionlar Ligasynyň pleý-off tapgyrynyň 1-nji duşuşyklarynda kubogyň häzirki eýesi “Real Madrid” myhmançylykda “Mançester Sitini” 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çekeleşikli geçen oýunda 19-njy minutda Erling Holann tapawutlandy. Bu onuň şu ýaryşdaky 48-nji duşuşygynda 48-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de, ol karýerasynda ilkinji gezek “Real Madridiň” derwezesinden gol geçirmegi başardy.

2-nji ýarymda, has takygy, 60-njy minutda Kilian Mbappe injigine degen top derwezeçi Edersony ýalňyşdyrdy we hasap deňlendi. 80-nji minutda duşuşygyň fransiýaly emini Klemen Turpen şäherlileriň peýdasyna jerime meýdançasynyň içindäki ak nokady görkezdi. Ony-da takyk uran Holann toparyny 2-nji gezek öňe saýlady. Ýöne kembekleriň hökümdary hökmünde meşhurlyk gazanan “Real Madrid” bu derejesini şu oýunda hem ýene bir ýola subut etdi. 84-nji minutda oýna giren Braim Diaz hasaby deňläp, öňki klubuny gynandyrdy. Duşuşygyň 90+2-nji minutynda bolsa Winisius Junioryň ajaýyp pasyndan soň Jud Bellingam oýna soňky nokady goýup, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.

Bassyr 4-nji, 2020-ni ýyldan bäri-de 5-nji gezek bije çekişen klublaryň özara 13-nji duşuşygynda ispan topary 4-nji gezek garşydaşyny ýeňmegi başardy (5 deňlik, “Sitiniň” hem 4 ýeňşi bar). 3-2 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Real Madrid” 1/8 finala çykmak üçin uly mümkinçilik gazandy. Jogap oýny 19-njy fewralda Madridde oýnalar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm