Irland pasporty öňdeligi eýeledi

Irland pasporty öňdeligi eýeledi

Irland pasporty öňdeligi eýeledi
Irland pasporty öňdeligi eýeledi 5 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    “Nomad Capitalist” konsalting kompaniýasy tarapyndan düzülen ýyllyk pasport indeksinde Irlandiýa birinji orunda durýar. Barlaglara görä, Irlandiýalylar 2025-nji ýylda daşary ýurda syýahat etmek, işlemek we ýaşamak üçin iň uly mümkinçiliklere eýe.
    Reýting dünýäniň 199 ýurdunyň pasportlaryna bäş ölçeg boýunça baha berýär: wizasyz giriş, salgyt syýasaty, global düşünje, ikinji raýatlygy almak mümkinçiligi we şahsy azatlyklar derejesi. Irlandiýa ilkinji gezek halkara abraýy, özüne çekiji salgyt ulgamy we raýatlygyň çeýe düzgünleri sebäpli birinji orny eýeledi.
    Iň oňat 5 pasportda Şweýsariýa, Gresiýa, Portugaliýa we Malta hem bar. Ilkinji on orundan dokuzysyny Ýewropa ýurtlary eýeledi, 2023-nji ýylda reýtingde öňdebaryjy bolan BAE 10-njy ýeri eýeledi.
    “Nomad Capitalist”-iň sanawynda Pakistanyň, Yragyň, Eritreýanyň, Yemeniň we Owganystanyň pasportlary soňky orunlary eýelediler.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm