Ir ýetişýän miwe
Ir ýetişýän miwe Ir ýetişýän miwe 2025-03-24 5 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp
Türkmen tebigatyny ýene-de ýaz pasly gurşap aldy. Bu paslyň gelmegi bilen owlak-guzularyň sesi, gül-gülälekli ýaşyl ýaýlalar, agaçly we otly meýdanlar tebigata täzeçe öwüşgin çaýýar. Türkmen topragynda ilkinji ýetişýän miwe tudana hasaplanýar. Irki döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýän bu agajyň peýdasy sanardan köpdür. Türkmeniň milli agajyna öwrülen tuduň ata Watany Günorta Aziýa hasaplanýar. 4-5 metrden 18 metre çenli aralykda ösýän bu agajyň, esasan, ak (morus alba), gara (morus nigra) we gyzyl (morus rubra) reňkli miwe berýän üç görnüşi has köp ýaýrandyr. Şäherlerde bezeg agajy hökmünde tuduň miwe bermeýän uly ýaprakly görnüşi hem ekilýär. Tuduň ýapragy pile gurçugyny idetmekde, agajy türkmen milli saz gurallaryny hem-de aşhana gurallaryny ýasamakda peýdalanylýar. Alymlaryň bellemegine görä, tut aňsat kesellemeýän we gurçuklamaýan iň sagdyn agaçlaryň biri bolup, ortaça 100 ýyla çenli ýaşaýar. Gabygy süýtli bu agaç az ideg talap edýär. Injirler maşgalasyna degişli bolan tut agajy diňe bir Aziýada ýaýraman, eýsem, dünýäniň beýleki sebitlerinde hem ösdürilip ýetişdirilýär.
Tuduň miwesine tudana diýilýär. Adam saglygy üçin örän peýdaly bolan bu miwäniň düzüminde şeker, uglewod, ýag, protein, A, B, C, E, K witaminleri, kalsiý, demir, magneziýa, fosfor, kalsiý, natriý, simap ýaly mineraldyr maddalar saklanýar. Tuduň 3-5 santimetr uzynlykdaky maýdajyk däneli miwesiniň süýji tagamy we özüne mahsus hoştap ysy bolýar. Tudana, esasan, terligine iýilýär. Käte bu miwe käbir tagamdyr süýjülikler taýýarlanylanda hem goşulýar. Şeýle hem ondan toşap gaýnadylýar. Uzak wagtlap saklamak üçin bolsa guradylan görnüşde ýygnalyp goýulýar. Guradylan tudana içegäni arassalaýar we ganazlyga garşy peýdaly serişde bolup hyzmat edýär. Derman senagatynda tuduň ýapragy, miwesi, gabygy we köki dermandyr derini timarlaýjy serişdeleri taýýarlamakda ulanylýar. Senagat önümçiliginde we senetçilikde tuduň çeýe nert çybyklaryndan çelekdir sebetler, sowgatlyk önümleri hem ýasalýar.
Döwlet MEREDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm