Iň kiçi geçi rekordlar kitabyna girdi

Iň kiçi geçi rekordlar kitabyna girdi

Iň kiçi geçi rekordlar kitabyna girdi
Iň kiçi geçi rekordlar kitabyna girdi 4 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Hindistanyň Kerala ştatynyň ýaşaýjysy Piter Lenu ownuk geçileri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Bu mallaryň sürüsi aýratyn hem kiçijik boýy bilen köpleriň ünsüni çekýär. Olaryň arasynda örän kiçi boýy bilen Karumbi atly gara geçi eýesiniň tanşynyň haýyşy bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy. Dört ýaşly urkaçy geçiniň beýikligi öňki aýagyndan ýokarlygyna – boýnogurgasyna çenli ölçenende 40,7 sm bolup, ol dünýäniň iň kelte geçisi diýen ada eýe boldy. Girdenek geçiniň uzynlygy bolsa, 33,5 sm. Mundan başga-da Piteriň fermasynda haýwanlaryň dürli görnüşleri sygyrlar, towuklar, ördekler we towşanlar bar. Şeýle hem ferma eýesiniň 9 geçisi, 10 owlagy we 3 sany erkeji bar. Ol geljekde hem öý mallarynyň täze rekordyny eýesi boljakdygyny umyt edýär.

    Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm