Ildeşlerimiz saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başlady
Ildeşlerimiz saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başlady

Ýene-de 2 ýyldan, has takygy, 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogy ýaryşynyň saýlama duşuşyklarynyň 3-nji tapgyrynyň çäginde ildeşlerimiz toparçadaky ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandy. “D” toparçada çykyş edýän türkmen futbolçylary myhmançylykda Hytaý Taýpeýi bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda türkmenistanly futbolçylar 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji ýarymy golsuz geçen duşuşygyň 2-nji ýarymyna ildeşlerimiz gol bilen başlady. Oýnuň 48-nji minutynda Elman Tagaýew hasaby açdy. Ýer eýeleri 63-nji minutda Ange Kuameniň goly bilen hasaby deňledi. Duşuşygyň 83-nji minutynda bolsa Ýazgylyç Gurbanow tapawutlanyp, toparymyza ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şunlukda, Türkmenistanyň ýygyndysy ilkinji duşuşygynda myhmançylykda üstün çykyp, 3-nji saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başlady.
Toparçadaky beýleki duşuşykda bolsa Tailandyň ýygyndysy öz meýdançasynda Şri Lankanyň ýygyndysyny Patrik Gustawssonyň 43-nji minutda geçiren goly esasynda 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Toparçadaky 2-nji duşuşyklar 10-njy iýunda oýnalar. Şol Türkmenistanyň ýygyndysy Aşgabatda Tailandyň ýygyndysyny kabul eder.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm