Hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar

Hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar

Hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar
Hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar 5 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    2-nji fewralda sapar bilen Londana baran Germaniýanyň Kansleri Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer tarapyndan kabul edildi. Taraplar goranmak, energiýa we söwda ugurlarynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşyk gazandylar.
    Bu duşuşyk 3-nji fewralda Brýusselde guralýan resmi däl Ýewropa Bileleşiginiň sammitiniň öňüsyrasynda geçirildi. Sammite Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryny “täzeden dikeltmegi” maksat edinýän Kir Starmer hem gatnaşýar. Britan Premýer-ministri “Brexit”-den bäş ýyl soň Ýewropa Bileleşigine gaýdyp gelmek mümkinçiligini aradan aýyrsa-da, goranmak, energiýa we söwda ugurlarynda has ýakyn hyzmatdaşlyga isleg bildirýär.
    -Gürrüňsiz, bu Beýik Britaniýanyň bähbidine bolar diýip pikir edýärin. Şeýle-de munuň Ýewropa Bileleşiginiň bähbidine boljakdygyna ynanym uly. Çünki soňky ýedi aýyň dowamyndaky özara gatnaşyklarymyzda düýpli tapawutlar göze ilýär – diýip, Starmer belledi.
    “Duşuşygyň dowamynda iki lider Ýakyn Gündogardaky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar” diýip, Kir Starmeriň metbugat sekretary habar berdi. Gepleşiklerde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri global meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň deňdigini belläp geçdi.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm


    Больше на Kitapcy.su

    Subscribe to get the latest posts sent to your email.